BAE-de suwuň kondensasiýasyny (toplanmagyny) çaltlandyrmak we ýagyş ýagdyrmak üçin topbak bulutlara uçardan magniý, kaliý we kalsiý duzlaryny sepmek usuly peýdalanylýar. Mundan başga-da, bulutlar ýer generatorlarynyň kömegi bilen atmak usylynda duz bilen baýlaşdyrylýar, reagentler suwuň kondensasiýasyna täsir edýärler, suw bölejikleri has agyrlaşýar we ýagyş görnüşinde ýere düşýär.
Şeýle hem ýurtda ýagyn ýagdyrmagyň täze usuly synagdan geçýär: bulutlara titanyň dioksidiniň nanobölejkilerinden ybarat duz kristallary sepilýär.
Emirlikleriň alymlarynyň bellemeklerine görä, olaryň usuly ýagşyň ýagmak mümkinçiligini arassa atmosferada 30%, tozanly howada bolsa 15% artdyrýar. BAE ýagynyň uly mukdarynyň ýerasty suwlaryň köpelmegine, suw we önümçilik howpsuzlygynyň berkidilmegine täsir etjekdigini göz öňünde tutup, bulutlary «ekmek» çäreleriniň sanyny artdyrmagy dowam edýär.