Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow medeniýet we sungat işgärlerini hünär baýramy bilen gutlady

10:0327.06.2023
0
27815

Şu gün Türkmenistanda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bellenilýär. Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna, ýurduň ähli medeniýet we sungat işgärlerine Gutlag iberdi. «Türkmenistan» gazetinde çap edilen Gutlagynda döwlet Baştutany:

— Hormatly medeniýet we sungat işgärleri! Eziz watandaşlar! Sizi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda berkarar ýurdumyzda dabaraly bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, döredijilik äleminde täze üstünlikleri arzuw edýärin — diýip belleýär.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, ýurduň durmuşyndaky şöhratly wakalar medeniýet we sungat işgärlerini döredijilikli zähmete, belent maksatlara, täze-täze eserleri döretmäge ruhlandyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurduň taryhy özgerişlere beslenmegine, halkara abraýynyň ýokarlanmagyna medeniýet we sungat işgärleri uly goşant goşýarlar.

— Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş berýän çuňňur paýhasa ýugrulan eserleriniň taryhy ähmiýetini giňden wagyz etmekde, Magtymguly Pyragynyň eserlerinde öňe sürülýän ynsanperwer ýörelgeleri çeper wasp etmekde döredijilik işgärleri uly işleri alyp barýarlar — diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gutlagynda nygtaýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň asylly başlangyçlary esasynda Aşgabatda bina edilýän «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň gurluşygy güýçli depginde dowam etdirilýär. Akyldar şahyr Magtymgulynyň eserleri bu gün türkmen kalbynyň owazy bolup, dünýä ýaň salýar. Dana Pyragyny dünýä beren türkmen halkynyň mertebesi Ýer ýüzünde hemişe belentdir. Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini, edebi mirasyny öwrenmek hem-de giňden wagyz etmek maksady bilen döredijilik bäsleşikleriniň yzygiderli geçirilmegi örän möhüm ähmiýete eýedir. Her ýylyň 27-nji iýunynda ýurtda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň bilelikde bellenilmegi akyldar şahyryň arzuwlan ajaýyp zamanasynda türkmen halkynyň milli medeniýetiniň we sungatynyň uly ösüşlere beslenýändigini, ýurtda medeniýet ulgamyndaky syýasatyň barha rowaçlanýandygyny aýdyň görkezýär.

— Medeniýet milletiň döredijilik kuwwatydyr! Sungat medeni-ruhy gymmatlyklarymyzyň özboluşly dabaralanmasydyr! Edebiýat edebi gymmatlyklaryň ebedi hazynasydyr! Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz medeniýeti, sungaty, edebiýaty ösdürmäge we döredijilik işgärleriniň işlemekleri, döwrebap eserleri döretmekleri üçin şertleri döretmäge uly ähmiýet berýäris. Medeniýet ulgamynyň kämilligi jemgyýetiň kämilligidir!

Eziz Watanymyzda durmuşa geçirilýän iri möçberli döwlet maksatnamalarynyň ähmiýetini açyp görkezmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň öňünde uly wezipeler durýar. Häzirki döwürde teleradioýaýlymlaryň, gazet-žurnallaryň, elektron neşirleriň alyp barýan işlerini kämilleşdirmek, sanly ulgamy ornaşdyrmak, žurnalistleriň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak möhüm wezipeleriň biridir. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly halka ýetirilýän eserleriň her biri milliligi, döwrebaplygy, kämilligi bilen tapawutlanmalydyr — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow nygtaýar.

Gutlagynyň ahyrynda döwlet Baştutany watandaşlaryny Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, alyp barýan döredijilikli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň