Soňky habarlar

Arhiw

“Altyn Asyr” Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň ýarym finalyna çykmaga golaýlady

17:4113.09.2015
0
4308

Şenbe güni paýtagtyň üç stadionynda Türkmenistanyň futbol boýunça Kubok ýaryşynyň çärýek finalynyň ilkinji duşuşyklary geçirildi.

“Ahal” bilen “Balkanyň” arasyndaky duşuşyk iň bir köp janköýer ýygnan oýun boldy. Munuň özi düşnüklidir. Çünki diňe bir milli çempionatyň medallary ugrunda göreşýän toparlar däl, eýsem, Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň geçen ýylky finalçylary duşuşýardylar. Bir ýyl mundan ozal Daşoguzda geçen şol finalda “Ahal” “Balkany” 3:2 hasabynda ýeňip, öz taryhynda ikinji gezek arzyly baýraga mynasyp bolupdy.

Şu hepdede “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň toparynda käbir üýtgeşmeler bolup geçdi. Geçen ýyl “Ahaly” milli çempionatda kümüş medala we Kubok ýaryşynda ýeňşe ýetiren Guwançmuhammet Öwekow öz islegi boýunça baş tälimçiniň wezipesinden gitdi. Netijede onuň ornuna Boris Grigorýans bellenildi. Topar bu hünärmeniň ýolbaşçylygynda 9-njy sentýabrda, 23-nji tapgyryň çäklerinde myhmançylykda “Merwden” 1:0 hasabynda üstün çykmagy hem başardy.

“Balkana” garşy geçirilen Kubok duşuşygy B. Grigorýans üçin ýeňil bolmadyk ýene bir synaga öwrüldi. 23-nji minutda Aleksandr Boliýanyň geçiren golundan soň, ýer eýeleri ýeňil bolmadyk ýagdaýda galdylar. Ýöne ýer eýelerine eýýäm arakesmeden öň diňe bir hasaby deňlemek däl, eýsem, öňe çykmak hem başartdy. 44-nji minutda Orazmuhammet Işangulyýew hasaby deňledi — 1:1. Birinji ýaryma goşulan wagtda bolsa Altymyrat Annadurdyýew “Ahaly” öňe çykardy — 2:1. Duşuşygyň tamamlanmagyna 10 minut galanda bolsa ol ýene bir pökgi geçirip, öz toparyna 3:1 hasabyndaky ýeňşi üpjün etdi. Jogap duşuşygy 19-njy sentýabrda Balkanabatda geçiriler.

Çärýek finalyň ýene bir duşuşygynda türkmenistanyň çempiony “Altyn Asyr” myhmançylykda HTTU bilen güýç synanyşdy. Şu ýylyň özünde bu toparlar eýýäm üç gezek duşuşdylar. Bellemeli zat, olaryň ählisi hem “Altyn Asyryň” peýdasyna tamamlanypdy (2:0, 4:1, 5:2).

Bu gezek hem ýagdaý üýtgemedi, “Altyn asyryň” üç pökgüsine (Süleýman Muhadow — 2, Umytjan Astanow — 1) ýer eýeleri Nurýagdy Muhammedowyň bir pökgüsi bilen jogap berdiler. Myhmançylykda 1:3 hasabynda gazanylan ýeňiş “Altyn Asyra” 19-njy sentýabrda öz meýdanynda geçiriljek jogap duşuşygyna ynamly taýýarlyk görmäge mümkinçilik berýär.

“Hazyna” bilen “Aşgabadyň” arasyndaky duşuşyk hem netijeli tamamlandy. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň topary eýýäm 27-nji minutda 3:0 öňde barýardylar. Ýöne ikinji ýarymda “Aşgabat” birneme tijenip, iki jogap pökgüsini geçirmegi başardy — 3:2. Jogap duşuşygy 19-njy sentýabrda “Aşgabadyň” meýdanynda geçiriler.

Şeýle hem Türkmenbaşynyň “Şagadamynyň” çärýek finalyň ilkinji duşuşygynda öz meýdanynda Marynyň “Energetiginden” 1:0 hasabynda üstün çykandygyny ýatladýarys. Jogap duşuşygy 19-njy sentýabrda Maryda geçiriler.

Maglumat toplamagy halaýanlara duşuşygyň sanlaryny we delillerini hödürleýäris.

"Ahal" – "Balkan" – 3:1 (2:1)

Türkmenistanyň Kubogy — 2015. 1/4 final. Birinji duşuşyk.

12-nji sentýabr. Aşgabat. "Aşgabat" stadiony. 700 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Orazmuhammet Işangulyýew 44, Altymyrat Annadurdyýew 45+1, 80 – Aleksandr Boliýan 23.

Duýduryş alan ýok.

Emin: Çarymyrat Gurbanow. 

Duşuşygyň inspektory: Wadim Baratow.

HTTU – "Altyn Asyr" – 1:3 (0:0)

Türkmenistanyň Kubogy — 2015. 1/4 final. Birinji duşuşyk.

12-nji sentýabr. Aşgabat. Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň stadiony. 300 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Nurýagdy Muhammedow 90 – Süleýman Muhadow 47, 59, Umytjan Astanow 83.

Geçirilmedik 11 metrlik urgy: Süleýman Muhadow ("Altyn Asyr") 77

Duýduryş alan: Begenç Seýitmämmedow 77 (HTTU).

Emin: Alibek Sapaýew.

Duşuşygyň inspektory: Eldar Ramazanow.

"Hazyna" – "Aşgabat" – 3:2 (3:0)

Türkmenistanyň Kubogy — 2015. 1/4 final. Birinji duşuşyk.

12-nji sentýabr. Aşgabat. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň stadiony. 100 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Guwanç Abylow 4, Gurban Annaýew 16, Didar Durdyýew 27 – Ruslan Gurbanow 60 (11 metrlik urgudan), Pirmyrat Gazakow 80.

Duýduryş alan: Didar Durdyýew 79, Döwran Orazalyýew 81, Guwanç Abylow 85, Güýçmyrat Annagulyýew 86, Gurbanguly Aşyrow 87 – Ilýa Kirilenko 44, Ata Geldiýew 70, Merdan Gurbanow 71.

Emin: Jumamyrat Jumamyradow.

Duşuşygyň inspektory: Çaryýar Ataýew.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň