Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen futzalçylarynyň Aziýanyň kubogy ― 2024-iň saýlama tapgyryndaky ilkinji garşydaşy Gonkongyň ýygyndysy bolar

16:4722.06.2023
0
32800

Futzal boýunça Aziýanyň kubogy ― 2024-iň saýlama duşuşyklarynyň geçiriljek seneleri belli boldy.

Bije çekişligiň netijesinde «A» toparçanyň wekili bolan Türkmenistanyň milli ýygyndysy duşuşyklaryny 7 ― 11-nji oktýabr aralygynda Tailandda geçirer.

Türkmen futzalçylarynyň ilkinji garşydaşy Gonkongyň ýygyndysy bilen bolar. Bu duşuşyk 7-nji oktýabrda geçiriler. Ýakup Öwezowyň şägirtleriniň ikinji tapgyrdaky garşydaşy Hytaýyň ýygyndysy bolar. Bu duşuşyk 9-njy oktýabra bellenildi. Türkmen ýygyndysy toparçadaky üçünji duşuşygyny 11-nji oktýabrda Tailandyň ýygyndysy bilen geçirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň