Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Arkadag şäheriniň häkimligi halkara bäsleşik yglan etdi

11:4619.06.2023
0
35137

Arkadag şäheriniň häkimligi seýsmik yrgyldylaryň anyk hasaplamasyny üpjün edýän seýsmik stansiýanyň taslamasyny düzmek we gurmak hem-de enjamlaşdyrmak boýunça halkara bäsleşik yglan etdi.

«Türkmenistan» gazetinde çap edilen bildirişde bellenilişi ýaly, gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Arkadag şäheriniň häkimliginiň edara binasynda 2023-nji ýylyň 4-nji awgustyna çenli kabul edilýär.

Häkimligiň edara binasy Arkadag şäheriniň Arkadag şaýolunyň 30-njy jaýynda ýerleşýär. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +993 12 52-51-31; elektron salgysy: Arkadagcity@sanly.tm

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň