Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekip, 2023-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Bütindünýä metan borçnamasyna goşulmak meselesini öwrenmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça «Ýol kartasyny» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny tassyklady. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Resminama daşky gurşawy goramak baradaky halkara borçnamalardan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek, şol sanda zyňyndy gazlaryň möçberini azaltmak boýunça ýurtda Pariž ylalaşygyny durmuşa geçirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Bütindünýä metan borçnamasyna goşulmak meselesini öwrenmekde dünýäniň ösen döwletleri, abraýly halkara guramalar we iri kompaniýalar bilen giňden halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen kabul edildi.
Resminama bilen, degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna «Ýol kartasynyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynda bellenilen çäreleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.