Soňky habarlar

Arhiw

«ITEA» akademiýasy aragatnaşyk tehnologiýalaryna bagyşlanan ussatlyk sapagyny geçirýär

17:0516.06.2023
0
22274

«ITEA» Halkara IT akademiýasy gyzyklanma bildirýänleriň ählisini «Aragatnaşyk tehnologiýaarynyň esaslary» diýen mowzuk boýunça geçirýän ussatlyk sapagyna gatnaşmaga çagyrýar.

Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar aragatnaşyk tehnologiýalary, olaryň maksady we esasy düzüm bölekleri, howpsuzlyk we torlary goramagyň usullary bilen tanyşdyrylar. Şeýle hem IP adresler we DHCP barada hem maglumat berler.

Ussatlyk sapagyny programmist we «Haýtek» hojalyk jemgyýetiniň 4 ýyldan gowrak tejribesi bolan IT hünärmeni — Şamuhammet Çäşemow.

Ussatlyk sapagy 27-nji iýunda sagat 18:30-da «Berkarar» işewürlik merkeziniň 1-nji gatynda, «Iş nokady» kompaniýasynyň ofisinde geçiriler.

Sapaga gatnaşmagyň tölegi — 50 manat. Oňa deslapdan ýazylmak üçin şu salgylanma ýa-da (+993 63) 47 11 92, (+993 63) 42 67 51 telefon belgileri arkaly ýüz tutup bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň