Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki «Çarlak» myhmanhanasynyň dolandyryş ulgamy myhmanhananyň birinji gatyndaky 90 adamlyk mejlisler zalynda döwrebap kinoteatry guramak boýunça teklipleri kabul edýär.
Kinoteatr üçin enjamlar gurnalanda aşakdaky talaplar ýerine ýetirilmelidir:
- kinoteatryň diwarlary ses geçirmeýän paneller bilen örtmek,
- ýokary hilli häzirki zaman akustikany gurnamak;
- ýokary durulykly proýektory we giň göwrümli ekrany gurnamak;
- maglumatlary saklamak üçin uly kompýuter serwerini gurnamak;
- petekleri onlaýn bronlamak üçin programma üpjünçiligini işläp düzmek we kinoteatryň öz web-saýtyny döretmek.
Kino üçin niýetlenen mejlisler zaly kärendesine berlip ýa-da kinoteatra öwürmek üçin ynançly dolandyrma geçirilip bilner.
Teklipler şu salga iberilmeli: Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar köç., 8-nji jaý.
Habarlaşmak üçin telefon: (+993 243) 6 06 00.
Elektronpoçta salgysy: charlakotel@sanly.tm