Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutany iş saparynyň barşynda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi hem-de bugdaý oragynyň depginleri bilen tanyşdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň dikuçary «Batly gadam» hususy kärhanasynyň Gyzylarbat etrabyndaky bugdaý meýdanyna gondy.
Döwlet Baştutany bu ýerde «Batly gadam» hususy kärhanasynyň ekerançylyk meýdanynyň daýhany bilen söhbetdeş bolup, onuň iş şertleri, maşgala ýagdaýy, kärende ýerinde ösdürip ýetişdirýän ekinleriniň görnüşleri hem-de bugdaý meýdanlarynyň hasyllylygy bilen gyzyklandy.
Söhbetdeşligiň barşynda daýhan özüniň 23 ýyl bäri daýhançylyk bilen meşgullanýandygyny aýtdy we 25 gektar meýdandan 125 tonna bugdaý hasylyna garaşýandygyny buýsanç bilen belledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurtda daýhanlaryň öndürijilikli zähmeti, kärendeçileriň zerur dökünler, ýokary hilli tohumlar bilen üpjün edilmegi ugrunda ähli zerur şertleriň döredilýändigini hem-de daýhanlara berilýän hemmetaraplaýyn goldawlaryň döwlet syýasatynyň hemişe ileri tutulýan ugry boljakdygyny aýtdy.
Gallaçy daýhan netijeli işlemek üçin döredilýän amatly şertlere hoşallygyny beýan etdi.
Soňra döwlet Baştutany daýhan yhlasyndan ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnamaga «Bismilla» bilen başlap berdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow soňra «CLAAS» we «John Deere» kysymly bugdaý orujy kombaýnlaryň ýanyna geldi hem-de kuwwatly kombaýnyň sürüjisi bilen söhbetdeş bolup, onuň erk edýän tehnikasynyň iş aýratynlyklary, onda döredilen şertler bilen gyzyklandy. Soňra bolsa bugdaý oragyna girişen kuwwatly kombaýnlaryň sazlaşykly hereketini synlady.
Döwlet Baştutany soňra «Batly gadam» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy A.Amanmämmedow bilen söhbetdeş boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti bol galla hasylyny ýitgisiz ýygnap almakda yhlasly iş alyp barýan bu zähmetkeşlere özüniň ýadygärlik sowgatlaryny gowşurdy.
Iş saparynyň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow şeýle-de bu ýerde guralan gök-bakja, çörek we çörek önümleriniň, dürli ir-iýmişleriň sergisini synlady.
Soňra Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyna amala aşyran iş saparyny tamamlap, döwlet Baştutany Aşgabada geldi.