Gurbanguly Berdimuhamedow Italiýanyň ozalky Premýer-ministriniň aradan çykmagyna gynanç bildirdi

23:4912.06.2023
0
19714

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Prezidenti jenap Serjio Mattarella Italiýanyň ozalky Premýer-ministri Silwio Berluskoniniň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Hatda bellenilişi ýaly, görnükli syýasatçy we döwlet işgäri bolmak bilen, Silwio Berluskoni Italiýanyň öňe gitmegine, şeýle-de Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna saldamly goşant goşdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şu agyr pursatda merhumyň maşgala agzalaryna we dogan-garyndaşlaryna, Italiýanyň dostlukly halkyna ýürekden duýgudaşlyk bildirdi hem-de medet beriji sözlerini beýan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň