Türkmenistanda Ylymlar güni bellenilýär

11:5912.06.2023
0
18835

Şu gün Türkmenistanda Ylymlar güni bellenilýär. Bu sene mynasybetli, Aşgabatda we ýurduň welaýatlarynda dürli ylmy maslahatlar, tegelek stollar we duşuşyklar geçirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, şu gün Aşgabatda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründäki ylym, tehnologiýa we innowasiýa tehnologiýalary» atly iki günlük Halkara ylmy maslahat öz işine başlady. Ol hususan-da, innowasiýa tehnologiýalary, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşant goşmakda tejribe alyşmak üçin meýdançany emele getirmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşi we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan bilelikde guralan ýaş alymlaryň arasynda geçirilen ylmy işleriň bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy hem şu gün geçiriler.

Şu gün Gökdepe etrabynyň Yzgant obasyndaky Medeniýet köşgünde türkmen ylmynyň we biliminiň üstünliklerine bagyşlanan baýramçylyk çäresi geçiriler. Mälim bolşy ýaly, Yzgantda Berdimuhamet Annaýewiň adyny göterýän 27-nji orta mekdebiň çäginde yzygiderli ylmy, amaly we pedagogik maslahatlar geçirýän Döwlet okuw-usulyýet merkezi hereket edýär.

Ýurduň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri hem çetde galmazlar: olarda ylmy-pedagogik işgärleriň goldawy bilen talyplar tarapyndan sergiler, ýaryşlar, wiktorinalar we konsert çykyşlary geçiriler.

Ondan öň Türkmenistanyň Prezidentiniň alymlary, ylmy jemgyýetçiligiň wekillerini gutlandygyny habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň