Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Coddy» programmirleme mekdebi türkmenistanly çagalary tomusky dynç alyş okuwlaryna çagyrýar

11:4812.06.2023
0
25013

«Coddy» programmirleme mekdebi 8 — 13 ýaş aralygyndaky çagalary tomus möwsümini «Coddy» dynç alyş okuwlary bilen geçirmäge çagyrýar.

Indiwidual taýýarlanan maksatnamalary öwrenmek — mekdep ouwçylary üçin tomusky dynç alşy peýdaly hem-de netijeli guramaçylykda geçirmekde ajaýyp çözgütdir.

Tomusky dynç alyş mösüminde göz öňüne tutulýan okuw maksatnamasyna «Minecraft»-da çat-botlary döretmek, «Blenderde» oýun 3D modelirlemegi öwrenmek, «Python» dilinde oýunlary programmirlemek ýaly okuwlar girýär. Interaktiw görnüşdäki «VR-school» taslamasy howpsuz durmuşy öwretmäge gönükdirilendir. VR äýneginiň kömegi bilen çagalar synaglardan geçýärler we dürli hili tabşyryklary ýerine ýetirýärler. Tomus dynç alyş okuwlaryndaky sapaklar logiki pikirlenmegi we toparlaýyn işlemek endiklerini özleşdirmäge mümkinçilik berer.

Dynç alyş okuw möwsümi günde sagat 10:00-dan 14:00-a çenli 6 günläp dowam edýär.

Okuw günleri:

  • 19 — 24-nji iýun günleri;
  • 10 — 15-nji iýul günleri;
  • 7 — 12-nji awgust günleri.

Okuwlar her gün arakesme — kofe-breýk we günortanlyk nahary bilen birlikde 2,5 sagat dowam edip, olardan tamamlanandan soň, çagalara gyzykly interaktiw güýmenjeleri garaşýar.

6 günlük dowam edýän tomusky dynç alyş okuwynyň bahasy günortanlyk nahary bilen — 1000 manat.

Ýazylmak ýa-da maslahat soramak üçin şu salgylanmada arza goýuň ýa bolmasa-da şu telefon belgiler arkaly habarlaşyň: (+993 63) 42 67 51; (+993 63) 47 11 92.

Ýerleşýän salgysy: «Berkarar» SDAM, 1-nji gat, «Iş nokady» ofisi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň