Petr Segrt: «Türkmenistanyň ýygyndysy ― syrly topar»

21:3310.06.2023
0
27927

Täjigistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Petr Segrt türkmen ýygyndysynyň ýaryşa taýýarlygyna ýokary baha berdi.

Täjik ýygyndysy Merkezi Aziýanyň Futbol assosiassiýasynyň çempionatynyň «A» toparçasyndaky duşuşyklara gatnaşmaga gelen gününde baş tälimçisi «Chempionat.asia» sport saýtynyň žurnalistiniň sowallaryna jogap berdi. Žurnalistiň sowallarynyň biri toparçadaky garşydaşlary nädereje öwrenendikleri barada boldy. Şeýle hem ol baş tälimçä: «Özbegistandyr Türkmenistan baradamaglumat ýygnamak kyn düşmedik bolsa gerek» diýip ýüzlendi.

― Häzirki wagtda biziň üçin iň syrly garşydaş Türkmenistanyň ýygyndysydyr. Çünki biz ilkinji duşuşygymyzy olar bilen geçireris. Ýöne bu Özbegistan bilen Omana gowşak garşydaşlar diýdigim däl. Islendik ýaryşda-da, ilkinji duşuşyk juda kyn bolýar.

Özbegistan bilen Oman, elbetde, toparçadan çykmak üçin esasy dalaşgär ýygyndylar. Ýöne biz häzir diňe Türkmenistan bilen boljak duşuşyk barada pikir edýäris. Diňe şu duşuşykdan soňra beýleki garşydaşlarymyz barada hem oýlanarys.

Bize mälim bolşuna görä, Türkmenistan ýaryşa gowy taýýarlyk gördi. Olaryň Russiýada okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirendigini bilýäris. Türkmen ýygyndysynyň artykmaçlygy ― ýygnanyşyga doly düzüm bilen girişdiler. Bizde bolsa ýagdaý beýle bolmady. Käbir futbolçylarymyz soň gelip goşuldy. Ýagdaýdan dogry netije çykarmagymyz gerek. Çünki halkara derejesinde FIFA-nyň günleri 12-nji iýundan başlanýar ― diýip, ol bu sowala jogap berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň