Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

ÝUNESKO Türkmenistanyň bilim ulgamyndaky özgertmelerine ýokary baha berýär

15:5410.06.2023
0
32002

ÝUNESKO sanly bilim ulgamynda Türkmenistana tehniki goldaw berip biler. Bu Türkmenistanyň ÝUNESKO-daky hemişelik wekili Maksat Çaryýewiň 9-njy iýunda ÝUNESKO-nyň Bilim tehnologiýalary institutynyň müdiri Tao Jan bilen geçirilen duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Tao Jan Türkmenistanyň tehnologiýa arkaly bilim mümkinçiliklerini giňeltmek baradaky işlerine ýokary baha berdi. ÝUNESKO-nyň global hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygyny belläp, Türkmenistanda sanly bilim strategiýalarynyň durmuşa geçirilmegine goldaw bermäge taýýardygyny nygtady.

Duşuşykda maglumat tehnologiýalaryny okuw meýilnamalaryna girizmegiň ähmiýeti we sanly sowatlylyk boýunça giňişleýin meýilnamalary ösdürmegiň zerurlygy ýaly dürli temalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Newscentralasia» ýazýar.
Ilçi Türkmenistanyň sanly bilimi ösdürmek boýunça başlangyçlary we tagallalary barada belläp, bu başlangyçlary mundan beýläk-de öňe sürmekde ÝUNESKO-nyň toplan tejribesine we goldawyna gyzyklanma bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň