Soňky habarlar

Arhiw

TFF-niň kubogy ― 2023: «Altyn asyr» bilen «Aşgabat» Büzmeýinde duşuşar

12:0008.06.2023
0
26527

Kyn düşen hem bolsa 1-nji tapgyrda ýeňiş gazanmagy başaran «Altyn asyr» TFF-niň kubogynyň 2-nji tapgyrynda «Aşgabady» kabul eder.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň metbugat gullugy duşuşygyň paýtagtyň Büzmeýin etrabyndaky «Sport toplumy» stadionynda geçiriljekdigini habar berdi. Duşuşyk agşam sagat 18:30-da başlanar.

«Altyn asyr» 1-nji tapgyrda «Ahaly» 2:1 hasabynda ýeňip, ýaryşa ýeňiş bilen başlan üç toparyň biri bolmagy başardy. «Aşgabat» bolsa Marynyň «Merwinden» 1:4 hasabynda ýeňildi.

1-nji tapgyrdaky duşuşyklaryň netijesine göz aýlanyňda, «Altyn asyr» bu gün rüstem tarap hökmünde görünýär, ýöne «Aşgabat» Ýokary ligada hem garaşylmadyk ýeňişleri bilen haýran galdyryp bilen topar. Şonuň üçin hem bu günki duşuşykda güýçleriň deňeçer boljakdygyny aýdyp bileris.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogy ugrundaky ýaryş 14-nji iýuna çenli dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň