Soňky habarlar

Arhiw

TFF-niň kubogy ― 2023: «Ahal» bilen «Energetik» ilkinji utuklar üçin göreşe girýärler

11:3608.06.2023
0
23344

Şu gün ― 8-nji iýunda «Aşgabat» stadionynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogy ugrundaky ýaryşyň 2-nji tapgyrynyň «Ahal» ― «Energetik» duşuşygy geçiriler.

TFF resmi saýtynda bu duşuşygyň agşam sagat 19-da başlanjakdygyny habar berdi.

1-nji tapgyrda toparlaryň ikisi hem garşydaşlaryndan asgyn geldiler. «Ahal» Büzmeýinde «Altyn asyrdan» 1:2 hasabynda utulan bolsa, «Energetik» «Aşgabat» stadionynda «Şagadamdan» 0:1 hasabynda asgyn geldi. Bu gün toparlaryň ikisi hem TFF-niň kubogy ― 2023-däki ilkinji utuklary üçin göreşerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň