Resmi: Messi «Inter Maýami» toparyna geçdi

10:5608.06.2023
0
38563

ABŞ-nyň «Inter Maýami» kluby resmi ýagdaýda Messini düzümine goşandygyny habar berdi.

Argentinaly superýyldyz amerika kluby bilen üç ýyllyk şertnama gol çekişdi. Şertnamada islendik möwsümiň ahyrynda Messiniň topary erkin agent hökmünde terk edip biljekdigi baradaky şert hem girizilipdir.

Messi özüniň näme üçin «Al-Hilalyň» ýa-da ««Barselonanyň» düzümine goşulmandygyny şeýle düşündirdi: «Men öz geljegimi başga biriniň elin bermek islemedim. Dolansam («Barselonany» göz öňünde tutýar) begenerdim, ýöne barybir beýle bolmady».

Messiniň «Inter Maýaminiň» düzümine goşulandygy baradaky habarlar ýaýran badyna toparyň sosial sahypalaryndaky yzarlaýjylar ýyldyrym çaltlygynda artyp başlady. Eýýäm şu wagta çenli toparyň Instagram sahypasyna 1,5 milliona golaý täze yzarlaýjy goşuldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň