Soňky habarlar

Arhiw

Mejlisiň Başlygy Moldowanyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

22:1707.06.2023
0
32420

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Moldowa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Waleriu Kiwerden ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, deňhukuklylyk, ynanyşmak we hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan özara bähbitli türkmen-moldowa hyzmatdaşlygynyň giň ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda birnäçe esasy ugurlarda hyzmatdaşlygyň okgunly ösüşini üpjün edýän özara gyzyklanmalar tassyklanyldy.

Duşuşygyň barşynda ilçi Waleriu Kiwer Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem diplomat türkmen parlamentiniň düzümi we köpugurly işi bilen tanyşdyryldy. Parlamentara hyzmatdaşlygy, şol sanda halkara parlament düzümleriniň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn mesele boldy.

Duşuşygyň ahyrynda Moldowa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Waleriu Kiwer iki ýurduň we olaryň dostlukly halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän köpugurly hyzmatdaşlygyň we hoşniýetli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagy üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň