Soňky habarlar

Arhiw

GDA-da howa: Belarusda yssy sebäpli derýalar guraýar, Gazagystanda ýangyn howpy barada duýdurýarlar

16:5907.06.2023
0
29420
GDA-da howa: Belarusda yssy sebäpli derýalar guraýar, Gazagystanda ýangyn howpy barada duýdurýarlar
Surat: almaty.tv

Gazagystan

Gazagystan barha gyzýar. Ýurduň demirgazygyndan günortasyna çenli howanyň derejesi 40 gradusa deň. Bu ýangyn howpunyň döremek ähtimallygyny artdyrýar. Galyberse-de, Gündogar-Gazagystanda derek übtükleri möwsümi başlandy, bu bolsa ýangynyň howpuny has-da ýokarlandyrýar, sebäbi derek übtüklerini ýakmak çagalaryň halaýan pişesi. Sebäbi olar diýseň çalt ýanýar. Aýratyn hem agaç jaýlara, garažlara, awtoulag duralgalaryna ýangyn howpy abanýar diýip, «MIR 24» ýazýar.

Ýerli häkimiýetler ilatyň arasynda ýangyna garşy göreşmek üçin wagyz-düşündiriş işlerini alyp barýarlar.

Belarus

Belarusda-da yssy yza teserli däl, günorta etraplarda 27 gradus gyzdy we asmandan damja damanok. Derýalaryň suwy peselýär. Käýerlerde derýalaryň suwy gije-gündizde on iki santimetre çenli peselýär. Bu bolsa derýa ulaglarynyň işinde kynçylyk döredýär. Eger suw ýene aşaklaberse, käbir derýalarda gämi gatnawlary mümkin bolmaz.

Gyrgyzystan

Gyrgyzystanda ýene bir jokrama yssy gün höküm sürýär. Bişkekde 34 gradus yssy we ygal ýok. Ine, Yssykköl oblastynda welin, 10 gradus salkyn. Bu amatly howa hemmeleri begendirýär, adamlardan ötri haýwanlar hem salkyn howanyň hözirini görýärler.

Ermenistan

Ermenistanyň ýaşaýjylary yssy howadan indi uzak wagtlap ejir çekmeli bolmazlar. Köp garaşylan ýagyn möwsümi başlandy. Häzir Ýerewanda 32 gradus, gijelerine 22-24 gradusa düşer.
Käbir oblastlaryň ýaşaýjylaryna güýçli şemal we doly ýagjakdygy barada duýduryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň