Soňky habarlar

Arhiw

Omanyň ýygyndysy «CAFA Nations Cup ― 2023»-e 21 adamlyk düzüm bilen gatnaşar

16:3707.06.2023
0
24591

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň çempionatyndaky topardaşy ― Omanyň ýygyndysy ýaryş üçin düzümini yglan etdi.

«Janköýer» sport saýtynyň habar berşi ýaly, baş tälimçi Branko Iwankowiç ýaryşa 21 futbolçyny alyp geler. Ine, olar:

Derwezeçiler: Ibrahim Al-Muhaýniý, Faýez Al-Raşidi, Ahmad Al-Rawohi.

Goragçylar: Halid Al-Buraýki, Ahmad Al-Hamisi, Fahmi Durbin, Juma Al-Habsi, Sameh Al-Hamraşdi, Mahmud Al-Muşaiffri, Jamil Al-Ýahmadi, Ahmad Al-Kaabi, Ahmad Al-Matruşiý.

Ýarym goragçylar: Hareb Al-Sadiý, Abdullah Fawaz, Arşad Al-Alawiý, Zahir Al-Agboriý, Abdul-Rahmon Al-Maşifariý, Musab Al-Maamari, Salah Al-Ýahýoýiý.

Hüjümçiler: Muhsin Al-Hasani, Essam Al-Subhi, Umar Al-Malikiý.

Omanly futbolçylar Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň ýygyndylary bilen bilelikde «A» toparçasynda ýaryşarlar. Bu toparçanyň duşuşyklary Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň