Soňky habarlar

Arhiw

Di Mariýa «Ýuwentus» bilen hoşlaşdy

12:0107.06.2023
0
31448

«Ýuwentusyň» ýarymgoragçysy Anhel Di Mariýa topardan gidýändigini mälim etdi:

— Toparyň kubok gazanmagy üçin ähli güýjümi sarp edip, hatyrjem ýagdaýda topardan gitmegim mümkindi, emma kubok gazanmak mümkinçiligimiz bolmady. Şowsuzlykdan dörän sussupeslik bilen bu ýeri terk edýärin. Meni bu ýere gelen ilkinji günümden başlap goldan ähli topardaşlaryma sagbolsun aýdýaryn. Bu ýerde özümi hemişe edil öýümde ýaly duýdum, diýip oýunçy özüniň sosial sahypasynda ýazgy paýlaşdy.

Argentinaly oýunçy bu möwsümde «Ýuwentusyň» düzüminde ähli ýaryşlary hasaba alanyňda 40 oýunda meýdança çykdy we 8 gol urup, 7 gezek golly pas berdi.

Sport neşirleriniň ýazmagyna görä, Di Mariýanyň indiki topary «Benfika», «Galatasaraý» ýa-da «Barselona» klublarynyň biri bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň