Soňky habarlar

Arhiw

TFF-niň kubogy ― 2023: «Ahal» «Altyn asyrdan» öz futbolçysynyň goly bilen utuldy

10:5207.06.2023
0
18011

Paýtagtyň «Altyn asyr» futbol topary TFF-niň kubogy ugrundaky ýaryşa ýeňiş bilen başlady. «Janköýer» toparyň 1-nji tapgyrda «Ahaly» 2:1 hasabynda ýeňendigini habar berdi.

Bu ýeňiş üçin «Altyn asyra» bary-ýogy 2 minut ýeterlik boldy. 19-njy tapgyrda Wahyt Orazsähedowyň tapawutlanmagyndan soňra 20-nji minutda «Ahalyň» goragçysy Şöhrat Söýünow pökgini öz derwezesine geçirdi.

«Ahal» bu goşa gola diňe 39-njy minutda Daýanç Meredowyň tapawutlanmagynda jogap berip bildi.

2-nji tapgyrda «Altyn asyr» ertir - 8-nji iýunda «Aşgabat» bilen güýç synanyşar, «Ahal» bolsa «Energetik» bilen duşuşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň