Turkmenportal logo
06.06.23
1753317533
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň Russiýadaky türgenleşikleri dowam edýär

Russiýanyň Moskwa oblastyndaky Kratowon bazasynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň «CAFA Nations Cup — 2023»-e taýýarlygy dowam edýär.


Türkmen metbugaty baş tälimçi Mergen Orazowyň her gün türgenleşikleriň dürli görnüşlerini geçirýändigini habar berdi. Türkmen ýygyndysynyň wekilleri bu ýerde 9-njy iýuna çenli bolarlar.


Şondan soň Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň agzalary ýaryşyň «A» toparçasynyň duşuşyklarynyň geçiriljek ýeri bolan Özbegistanyň Daşkent şäherine gelerler. Ýaryşda türkmen ýygyndysy ilkinji duşuşygyny 11-nji iýun güni Täjigistanyň ýygyndysy bilen geçirer.


«A» toparçada Özbegistan bilen Omanyň ýygyndylarynyň hem bardygyny ýatladýarys. Baş tälimçi Mergen Orazow sebit ýaryşy üçin 25 futbolçyny milli ýygynda çagyrdy.


Derwezeçiler: Resul Çaryýew («Arkadag»), Batyr Babaýew («Altyn Asyr»), Döwletýar Berdiýew («Köpetdag»);


Goragçylar: Yhlas Toýjanow, Güýçmyrat Annagulyýew, Abdy Bäşimow, Ybraýym Mämmedow, Mekan Saparow (hemmesi «Arkadag» toparyndan), Ata Geldiýew («Ahal»), Teýmur Çaryýew («Abdyş-Ata», Gyrgyzystan);


Ýarymgoragçylar: Arzuwguly Sapargulyýew, Ilýa Tamurkin, Resul Hojaýew, Welmyrat Ballakow, Yhlas Saparmämmedow, Şanazar Tirkişow, Begmyrat Baýow (hemmesi «Arkadag» toparyndan), Ahmet Ataýew («Altyn Asyr»), Mirza Beknazarow («Narwa-Trans», Estoniýa);


Hüjümçiler: Didar Durdyýew, Arslanmyrat Amanow, Altymyrat Annadurdyýew, Begenç Akmämmedow (hemmesi «Arkadag» toparyndan), Myrat Annaýew («Altyn Asyr»), Meýlis Diniýew («Ahal»).