Soňky habarlar

Arhiw

Bagdatda çägeli harasatda 500 töweregi adam ejir çekdi

18:0305.06.2023
0
30998
Bagdatda çägeli harasatda 500 töweregi adam ejir çekdi
Surat: ria.ru

Bagdady çägeli harasat basdy, aýratyn hem Yragyň paýtagtynyň eteklerinde ýaşaýan ilat ejir çekdi, 500 töweregi adam lukmançylyk kömegini sorap ýüz tutdy diýip, «MIR 24» habar berýär.

Açyk ýerlerde harasat has güýçli boldy. Ýerli häkimiýetler agyz-burun örtüklerini dakynmagy we zerurlyk bolmasa, öýden çykmazlygy maslahat berýärler. Bagdatda bu şu ýyldaky ilkinji harasatdyr. Emma şeýle hadysa bu ýerde häli-şindi bolýar. Şäher sähradan Tigr we Ýewfrat derýalarynyň arasyndaky dar ekin meýdanlary bilen goralandyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň