OPEK+ ýurtlary nebitiň çykarylyşyny azaltmak barada ylalaşdylar

17:2505.06.2023
0
26136

Wena şäherinde OPEK+ guramasyna gatnaşyjy-ýurtlaryň wekilleriniň ýygnagy boldy. Russiýa meýletin gije-gündizde nebitiň çykarylyşyny 500 müň barrele çenli azalmagyň möhletini uzaltdy. Saud Arabystany hem şuňa meňzeş çäre görýär, Patyşalyk öz «gara altyn» çykarylyşyny gije-gündizde ýarym million barrele çenli kemeltmekçi diýip, «MIR 24» habar berýär.

Agza ýurtlar umuman alnanda, nebiti çykarmagy gije-gündizde 40,46 million barrele çenli kemmek kararyna geldiler, bu häzirkiden 1,5 barrel azdyr. Çözgüt bazarda durnuklylygy goldamak maksady bilen kabul edildi.

Nebitiň çykarylyşynyň azaldylmagy eýýäm ikinji gezek bolýar. Öňki ylalaşyk 2023-nji ýylyň aýagyna çenli göz öňünde tutulypdy.
Iýulda Saud Arabystany nebiti gije-gündizde ýene 1 million barrele çenli goşmaça kemelder. Bu çäklendirme bir aý dowam eder, emma onuň uzaldylmagy hem mümkin diýlip, habarda bellenýär.

Ýeri gelende ýatlatsak, OPEK+ guramasyna 10 ýurt: Azerbaýjan, Bahreýn, Bruneý, Gazagystan, Malaýziýa, Meksika, Oman, Russiýa, Sudan we Günorta Sudan girýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň