Soňky habarlar

Arhiw

«Stilli Dekor» onlaýn dükany gurşaw bezegi üçin aksessuarlaryň görnüşleri bilen tanyşmaga çagyrýar

09:3605.06.2023
0
19351

«Stilli Dekor» internet dükany islendik gurşawy bezemek, öýde ajaýyp we täsin atmosferany döretmek üçin niýetlenen harytlary hödürleýär.

«Stilli Dekordan» çeper elli, ussat türkmen halyçylary tarapyndan ýüpekden we ýüňden dokalan türkmen halylaryny, bezeglik mebelleri, sowgatlary we ýadygärlik sowgatlyklary, küýzeleridir otag gülleri üçin stollary, gülçyralary hem-de başga-da köpdürli harytlary satyn alyp bolýar.

Dükanyň hödürleýän bezeglik önümlerini öýde hem-de iş ýerlerinde ulanyp, olardan ajaýyp bezegi döretmek, şeýle-de bu ýerdäki harytlardan, elde taýýarlanan önümlerden ýakynlaryň üçin ýatda galjak täsin sowgatlary taýýarlamak bolýar.

Internet dükanyň stillidekor.com web sahypasynda ýerli amaly-haşam sungat işgärleri, ussat heýkeltaraşlar tarapyndan döredilen ýeke-täk nusgaly gymmatlyklary, öý bezeglerini we bezeg şaý-seplerini hem tapyp bilersiňiz.

«Stilli Dekor» onlaýn dükanynyň saýtynyň gurluşy-da çylşyrymly däldir, bu ýerde ähli harytlar bölümler we bölümçeler boýunça ýerleşdirilendir. Olar görnüşine laýyklykda tapawutlandyrylan görnüşde hödürlenýär. Olaryň suraty bilen birlikde, ulanylyşy barada maglumatlary bar.

Şeýle-de «Stilli Dekor» kiçi göwrümli maddy gymmatlyklar babatda türkmenistanly amaly-haşam sungat işgärleri bilen hyzmatdaşlyk etmäge ýa-da köpçülikleýin öndürilýän dizaýnerlik önümlerini satyn almak üçin açykdyr.

«Stilli Dekor» internet dükanyndan söwda edilip, haryt sargyt edilen ýagdaýynda bir gije-gündiziň dowamynda ýa-da müşderi bilen ylalaşylan möhletde eltilip berilýär.

Dükanyň habarlaşmak üçin telefon belgisi: (+993 61) 64 86 05.

Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň