«Mançester Siti» ýedinji gezek Angliýanyň Kubogyna mynasyp boldy

00:0104.06.2023
0
27052

London şäherindäki «Uembli» stadionynda Angliýanyň Kubogynyň final oýny geçirildi. Bäsleşigiň aýgytlaýjy oýnunda «Mançester Siti» goňşusy «Mançester Ýunaýted» bilen duşuşdy. Oýun 2:1 hasabynda «Sitiniň» ýeňşi bilen tamamlandy.

Ýeňiş gazanan toparyň iki goluny hem Ilkaý Gündogan (1, 51) derwezä gönükdirdi. «Ýunaýtediň» düzüminde bolsa 33-nji minutda Brunu Fernandeş penaltini dürs ýerine ýetirdi.

Ýeri gelende bellesek, oýnuň 14-nji sekundynda hasaby açan Ilkaý Gündogan ýaryşyň finalynda iň çalt urlan goluň awtory hökmünde taryha girdi.

Maglumat üçin, bu ýeňiş arkaly «Mançester Siti» öz taryhynda ýedinji gezek Angliýanyň Kubogyna eýe çykdy. Bu möwsümde Hosep Gwardiolanyň tälim bermegine Angliýanyň premýer-ligasynda hem çempionlygyny baýram eden «Mançester Siti» «trebl» etmegiň bir ädim bärsinde dur. Has takygy, topar 10-njy iýunda Stambul şäherinde geçiriljek ÝÇL-iň final oýnunda «Inter» bilen güýç synanyşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň