Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«AMECA» roboty 10-dan gowrak duýgyny aňladyp bilýär

17:5502.06.2023
0
26430
«AMECA» roboty 10-dan gowrak duýgyny aňladyp bilýär
Surat: csn-tv.ru

Robot tehnologiýasynda iň öňdebaryjy «Ameca» roboty ýüzüň mimikasy arkaly 10-dan gowrak duýgyny aňlatmaga ukyplydyr. Olaryň arasynda närazylyk, ezýet çekmek, hatda ökünmek ýaly emosiýalar hem bar diýip, «Habar 24» ýazýar.

«Ameca» robotyny işläp düzüji britan alymlary onuň adamlar bilen robotlaryň özara gatnaşygyny öwrenmek üçin döredilendigini aýdýarlar. Mundan başga-da gumanoid ýapon, nemes, hytaý we iňlis dillerinde gürleşmegi, şeýle-de şiweleriň aýratynlyklaryny aňlatmagy başarýar.

Ilkinji gezek bu robot 2021-nji ýylda «Youtubede» görkezilip, tomaşaçylary haýran galdyrypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň