Maý aýynyň ahyryna bütin dünýäde Türk aşhanasynyň hepdeligi geçirildi

12:4402.06.2023
0
34901

21 — 27-nji maý aralygynda dünýäniň köp sanly ýurtlarynda daşary ýurtlardaky türk diplomatik wekilhanalarynyň guramagynda we Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahat ministrliginiň goldaw bermeginde Türk aşhanasynyň hepdeligi geçirildi.

Türk aşhanasynyň hepdeligi Hataý welaýatyna bagyşlandy. Medeni çärä gatnaşyjylara zyňyndysyz önümçilige esaslanýan adaty aşpezlik usullaryny ulanmak arkaly ýerli ingredientler esasynda bu sebitde giňden ýaýran tagamlary taýýarlamak teklip edildi. Çärelere gelen myhmanlara meşhur türk kofesi hem-de gündogar süýjüleri bilen çaý hödür edildi.

Hataý şäheri “Gastronomiýa” ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşuldy. Türkiýäniň bu sebitiniň aşhanasyna esasy gök önümler, miweler, noýbalar, galla önümleri, zeýtun ýagy hem-de ýerli ösümlikler degişli. Hataýyň aşpezlik mirasy gadymy döwürlerden bäri bu sebitde bar bolan köp sanly siwilizasiýanyň däplerini özleşdiripdir.

Hepdeligiň çäklerinde biberli ekmek (gyzyl burç pastasy bilen çörek), zeýtun işdäaçary, humus, kysyr (owradylan bulgur işdäaçary), tepsi kebab (peç kebaby) we kunefe (peýnir bilen kadaif aşly desert) ýaly Hataý tagamlary hödürlendi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň