Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Remezan Joraýewiň öý muzeýi açyldy

09:5202.06.2023
0
28647

1-nji iýunda Türkmenistanda giňden bellenilen Çagalary goramagyň halkara gününde Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň ýaşaýjysy, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Remezan Joraýewiň «Nesil terbiýesi — miras-edep çeşmesi» atly öý muzeýiniň açylyş dabarasy boldy. Oňa birnäçe myhmanlar, şol sanda jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Muzeýiň Çagalary goramagyň halkara gününe gabatlanyp açylmagynyň sebäbi bu ýerde ýerleşdirilen gymmatlyklaryň aglabasynyň çaga we nesil terbiýesi barada alymlaryň, professorlaryň, şeýle-de Remezan Joraýewiň özüniň dürli ýyllarda ýazan «Edep çeşmesi öý muzeýi», «Perzent ykbaly», «Kämil perzent terbiýesi», «Çaga terbiýesiniň ylmy-amaly esaslary we şanly geljegi» atly kitaplaryndan ybaratdygy bilen baglanyşyklydyr. Bu ýerde diňe bir kitaplara däl-de, Remezan aganyň dürli kärlerde zähmet çeken görnükli adamlar bilen düşen ýadygärlik suratlaryna-da uly orun berlipdir.

— Dünýäde çaga ýaly eziz, päkize zat barmyka?! Megerem, ýokdur. Onuň ruhy dünýäsinde, kalbynda ýazlara kybap gözellik, mähribanlyk bar. Çaga ýylgyryşynyň, gülküsiniň bar ýerinde hemişe şadyýanlyk, bagtyýarlyk höküm sürýär. «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» diýýän türkmen halky çaga terbiýesine, onuň edep-ekramyna aýratyn üns berýär. Pensiýa ýaşyna çenli saglygy goraýyş ulgamynda zähmet çekdim. Pensiýa çykamsoň, wagtymy peýdaly işlere sarp etmegi maksat edindim. 65 ýaşymda öý muzeýini döretmek işine girişdim. Indi 20 ýyldan gowrak wagt bäri muzeýiň aladasy bilen başagaý. Görşüňiz ýaly, bu ýerde çagany dogry terbiýelemek, sagdyn bedenli nesilleri ýetişdirmek bilen baglanyşykly ylmy kitaplar agdyklyk edýändir. Sebäbi ýaş nesil ýurduň geljegi hasaplanýar. Şonuň üçin sagdyn bedenli nesilleri ýetişdirmek ugrunda alnyp barylýan işlere öz mynasyp goşandymy goşmak isledim.

Lukman bolup işlän ýyllarym nesil terbiýesi, halkyň geçmiş taryhy bilen içgin gyzyklanyp, bu ugurda milli hem-de daşary ýurtly alymlaryň alyp baran işlerini öwrenip, dürli ugurlar boýunça ýazylan kitaplary ürç edip okadym. Taryhy kitaplar bilen gyzyklanmak meniň üçin has-da täsirli boldy. Birnäçe ýyl mundan ozal ýörite topar döredip, Ärsary babanyň mirasyny öwrenmek boýunça iş alyp bardym. Netijede, bu taryhy şahsyýet bilen bagly birnäçe gymmatly maglumatlary toplap, habar beriş serişdeleriniň üsti bilen halk köpçüligine ýetirdim — diýip, Remezan Joraýew gürrüň berdi.

Öý muzeýinde ýerleşdirilen kitaplardyr suratlar bilen tanşanyňda, Remezan aganyň işjanly, zähmetsöýer adamdygyna aperin diýýärsiň. Sebäbi bu gymmatly maglumatlary toplamak, ylmy kitaplary ýazmak üçin ýyllaryň tejribesi, irginsiz zähmet gerek bolandyr. Wagt bilen bäsleşip, geljek nesiller barada uly alada edýän Remezan aganyň zähmetine, zehinine hormatyň artýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň