10-njy iýunda başlanjak Merkezi Aziýanyň ilkinji çempionaty üçin Türkmenistanyň futbol ýygyndysy öňünde nähili maksatlary goýýar. Bu sowala baş tälimçi Mergen Orazow «Turkmenportala» beren interwýusynda jogap berdi.
Onuň pikirine görä, heniz başlanmadyk ýaryşda gowy netijeleri gazanmaga hemişe mümkinçilik bar.
― Aýdylyşy ýaly, tertip-düzgün ähli kynçylyklary ýeňip geçer. Duşuşyklara güýçli taýýarlyk bilen, özümizden güýçli hasaplanylýan garşydaşlara mynasyp jogap bermäge çalşarys. Elimizden gelen hiç bir zady gaýgyrman, janköýerlerimizi begendirmäge çalşarys ― diýip, baş tälimçi ynandyrdy.
Türkmen ýygyndysy sebit ýaryşyna Russiýada taýýarlanar. Çempionatyň 10 ― 20-nji iýun aralygynda geçiriljekdigini ýatladýarys.
Mergen Orazow bilen guralan söhbetdeşligi dolulygyna şu salgydan okap bilersiňiz.