Türkmenistanyň ýygyndysy okuw-türgenleşik ýygnanyşygy üçin näme üçin Ýegorýewsk şäherini saýlap aldy?

15:4201.06.2023
0
8409

Bu sowalyň jogaby «Turkmenportalyň» habarçylaryny hem gyzyklandyrdy. Şonuň üçin hem baş tälimçi Mergen Orazow bilen geçiren söhbetdeşligimizde oňa bu sowal bilen ýüzlendik.

― Ilkinji aýdylmaly zat gidim-geliminiň ýeňilligi. Onsoň hem şol şäheriň howa şertleri gowy. Türgenleşmek üçin hem gowy mümkinçilikler bar. Üstesine-de, daş-töwerekde ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirip, güýjümizi barlap görmäge mynasyp toparlar bar. Ýöne esasy mesele ― gidim-gelim. Artykmaç uçmaly bolanok ― diýip, baş tälimçi habarçymyza jogap berdi.

Ozal hem habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Merkezi Aziýanyň ilkinji çempionatyna Russiýanyň Moskwa oblastynyň Ýegorýewsk şäherinde taýýarlanar. Bu ýerdäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygy ertir ― 2-nji iýunda başlanar. Bu ýerde iki sany ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirjek milli ýygyndy 9-njy iýunda ýaryşyň «A» toparçasynyň duşuşyklarynyň geçiriljek ýerine ― Özbegistanyň Daşkent şäherine geler.

Eksklýuziw söhbetdeşligi diňe «Turkmenportaldan» okap bilersiňiz. Munuň üçin şu salga girmegiňiz ýeterlik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň