Serdar Berdimuhamedow ÝHHG-niň Baş sekretaryny kabul etdi

21:5301.06.2023
0
25228
Serdar Berdimuhamedow ÝHHG-niň Baş sekretaryny kabul etdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidi kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, ÝHHG-niň Baş sekretary wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Prezident Serdar Berdimuhamedowa Arkadag şäheriniň «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, ýaşyl howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulýandygy baradaky hem-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna «EcoPorts» derejesiniň berlendigi hakyndaky güwänamalary gowşurdy.

Myhman ÝHHG-niň Türkmenistan bilen däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow bu saparyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary boýunça pikir alyşmaga, şeýle hem özara gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti myhmany ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze binasynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de pursatdan peýdalanyp, degişli güwänamalary gowşurandygy üçin ÝHHG-niň Baş sekretaryna minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda häzirki wagtda Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigi bellenildi. Nygtalyşy ýaly, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibinde syýasy we howpsuzlyk meselelerine möhüm orun degişlidir.

Ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri barada pikir alyşmalaryň barşynda özara alyşmagy pugtalandyrmakda we netijeli hyzmatdaşlygy ilerletmekde syýasy-diplomatik mehanizmlere aýratyn ähmiýet berilýändigi bellenildi.

Duşuşykda Prezident Serdar Berdimuhamedow energiýa serişdelerini halkara bazarlara çykarmagyň, olary üstaşyr geçirmegiň syýasy, maliýe, tehnologiýa, ekologiýa ugurlary boýunça ÝHHG-niň çäklerinde anyk işleri durmuşa geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Söhbetdeşligiň barşynda şeýle-de beýleki ileri tutulýan ugurlarda, hususan-da, ulag-üstaşyr, demokratik institutlaryň işini kämilleşdirmek, adam hukuklaryny we azatlyklaryny, gender deňligini üpjün etmek boýunça hem-de beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we ÝHHG-niň Baş sekretary birek-birege hoşniýetli sözleri aýdyp, Türkmenistanyň hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda ýola goýlan köpugurly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de netijeli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň