Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna «EcoPorts» derejesi berildi

20:2901.06.2023
0
31283
Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna «EcoPorts» derejesi berildi
Surat: newscentralasia.net

Şu gün Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi. Duşuşykda myhman Prezident Serdar Berdimuhamedowa Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna «EcoPorts» derejesiniň berlendigi hakyndaky güwänamany gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi saýtynda habar berildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty häzirki wagtda gündogar bilen günbataryň arasynda söwda akymlaryny işjeňleşdirmekde döwrebap hyzmatlary bilen mümkinçilikleriň uly toplumyny özünde jemleýär. Bu innowasion port söwda-aragatnaşygynda Aziýa yklymyndan göni Ýewropa çykalga bolmak bilen, möhüm desgadyr. Türkmenistan ulag-üstaşyr ýükleri geçirmekde halkara hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürýär.

Ýokary derejedäki güwänamanyň gowşurylmagy bolsa, bu sanlylaşdyrylan portuň dünýäde uly meşhurlyga eýe bolýandygyny görkezýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň