Soňky habarlar

Arhiw

Eksklýuziw söhbetdeşlikden kesimler: Mergen Orazow «CAFA Nations Cup-2023»-däki bije çekişligiň netijesi barada näme diýdi?

12:0601.06.2023
0
11711

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Mergen Orazow Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň çempionaty üçin çekilen bijeleriň netijesinden hoşal. Ol bu barada «Turkmenportala» beren ýörite interwýusynda aýtdy.

Habarçymyzyň bu barada beren sowalyna ol:

― Toparçanyň juda güýçlüdigini aýdyp oturmagyň hajaty hem ýok. Ýöne biz muňa begendik, çünki bu ýaryşa Dünýä kubogy ― 2026-nyň oktýabr ― noýabr aýlarynda geçiriljek saýlama duşuşyklary üçin taýýarlyk hökmünde seredýäris. Şol taýýarlygyň çäginde Aziýanyň Özbegistan, Oman ýaly has güýçli ýygyndylary bilen duşuşyk geçirmek biziň üçin ajaýyp terjibe bolar ― diýip, jogap berdi.

10-njy iýunda başlanjak çempionatda türkmen ýygyndysy «A» toparçada ýaryşar. Daşkent şäherinde geçiriljek duşuşyklarda Mergen Orazowyň şägirtleri Täjigistanyň, Özbegistanyň we Omanyň ýygyndylary bilen güýç synanyşar.

Söhbetdeşligi dolulygyna şu salgydan okap bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň