Indoneziýa gazyň eksportyndan ýüz öwürmekçi

16:2401.06.2023
0
22271
Indoneziýa gazyň eksportyndan ýüz öwürmekçi
Surat: trend.az

Indoneziýanyň deňiz işleri we maýa goýumlary boýunça utgaşdyryjy-ministri Luhut Binsar Panjaitan hökümetiň tebigy gazyň eksportyndan ýüz öwürmek maksatnamasy hakynda habar berdi diýip, «Trend» ýazýar.

Onuň sözlerine görä, hökümet daşary ýurtlara suwuklandyrylan gazyň satuwyny bes etmekçi, şunda öňki geleşikleriň ýerine ýetirilişi dowam etdiriler.

«Men we meniň orunbasarym Jodi mundan beýläk tebigy gazy, esasan hem, suwuklandyrylan gazy eksport etmezlik kararyna geldik» diýip, Panjaitan aýtdy. Emma ol bu çözgüdiň durmuşa geçirilip başlanjak anyk möhletini habar bermedi.

Utgaşdyryjy-ministr häzirki wagtda Indoneziýanyň nebit önümleriniň uly möçberini import edýändigini, emma indi ýurduň Demirgazyk Kalimantin ülkesinde nebit önümlerini öndürjek kärhanany gurmakçydygyny nygtady. Munuň üçin gaz gerek, ol ýurduň içinde ýeterlik, şonuň üçin ony import etmek zerurlygy ýok. Panjaitan şeýle hem Demirgazyk Kalimantindäki nebithimiýasy zawodynyň 2025-nji ýa-da 2026-njy açylmagynyň meýilleşdirilýändigini sözüniň üstüne goşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň