Edgars Rinkewiçs Latwiýanyň Prezidenti wezipesine saýlandy

11:0801.06.2023
0
14581
Edgars Rinkewiçs Latwiýanyň Prezidenti wezipesine saýlandy
Surat: news.zerkalo.io

Latwiýanyň Seými ses berlişigiň üçünji tapgyrynda ýurduň DIM-iň başlygy Edgars Rinkewçsi döwlet Baştutany wezipesine saýlady. Bu barada Latwiýanyň Parlamentiniň saýty habar berdi diýip, «Belta.by» ýazýar.

Rinkewiçsiň kandidaturasyny deputatlaryň 53-si goldady, 35 deputat garşy ses berdi. Prezident sesleriň köplügi netijesinde (100-den 51 ses) dört ýyl möhlet bilen saýlanýar.

Ýurduň öňki Prezidenti Egils Lewits ikinji möhlete dalaşgärlik etmezlik kararyna geldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň