Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we Eýran gümrük gullugy pudagynda hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdi

13:2931.05.2023
0
18170

30-njy maýda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýrana amala aşyran iş saparynyň çäginde 2023-2024-nji ýyllar üçin iki ýurduň gümrük gulluklarynyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça ikitaraplaýyn Maksatnama gol çekildi. Bu barada şu gün «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde habar berildi.

Resminamanyň Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň gümrük gullugynyň arasynda gol çekilendigini bellemek gerek.

Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow we Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň strategik häsiýetini we iki tarapy gyzyklandyrýan ugurlarda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň zerurlygyny açyp görkezýän Bilelikdäki Jarnama gol çekdiler.

Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky gepleşikleriň netijelerinden soň dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyga degişli 5 resminama gol çekilendigi habar berildi. Olaryň arasynda energetika ministrlikleriniň arasynda özara düşünişmek Ähtnamasyny, lukmançylyk uniwersitetleriniň arasynda bilim we saglygy goraýyş pudaklaryndaky hyzmatdaşlyk Ähtnamasyny, Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2023-2024-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmek hakynda Maksatnama we beýleki resminamalar bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň