Soňky habarlar

Arhiw

Halk Maslahatynyň Başlygynyň Eýrana saparynyň dowamynda 5 sany täze resminama gol çekildi, Türkmenistanyň IIM ýangyn howpsuzlygy düzgünlerini berjaý etmek barada duýdurýar, Türkmenistanda ýylyň iň gowy talyby saýlanyldy we beýleki habarlar

11:5431.05.2023
0
25807

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda Tähranda geçirilen gepleşikleriň dowamynda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda 5 sany resminama gol çekildi. Ikiçäk duşuşygyň we hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde geçirilen gepleşikleriň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow we Seýed Ebrahim Raisi syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, soňra bolsa degişli resminamalara gol çekildi. Ýatlatsak, Türkmenistanyň halk häkimiýetiniň iň ýokary wekiliçilikli edarasynyň Başlygy Eýranda iki günlük iş sapary bilen bolýar.

2. Tomus möwsüminiň başlanmagy bilen Türkmenistanyň ýaşaýjylary Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugyndan «Altyn asyr» ykjam aragatnaşyk operatory arkaly SMS habarlaryny aldylar. Raýatlara öýlerinden ýa-da iş ýerlerinden çykanlarynda elektrik enjamlaryny öçürmegiň zerurdygy ýatladyldy.

3. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Gülnabat Saparowa «Ýylyň talyby – 2023» diýen ada mynasyp boldy. Gülnabat Saparowa zehinini we başarnyklaryny, taryh, edebiýat, sungat, iňlis dili boýunça çuňňur bilimlerini üstünlikli görkezip, bäsdeşlerinden artykmaçlygyny subut etmegi we emin agzalaryny özüniň has ýokary görkezijilere eýedigine ynandyrmagy başardy. Şeýle-de talyp gyza ýeňiji bolmakda şahsy üstünlikleri we okuwda gazananlary, bilime bolan höwesi, ylymlara bolan gyzyklanmasy, zähmetsöýerligi we jogapkärçiligi ýardam etdi. Bäsleşigiň jemlerini jemlemek dabarasy Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda geçirildi. Asylly däbe görä, bäsleşik Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan gurnaldy.

4. Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň Guryhowdan çäkli goraghanasynyň çäginde gulanyň kürresi dünýä indi. Gulan kiçijik kürresini güýçli obýektiwi bolan kamera bilen surata düşürildi. Gulanlar örän seresaply haýwanlar, esasanam mesele çagalary bilen baglanyşykly bolsa, şonuň üçin olara ýakynlaşmak mümkin däl diýen ýaly. Goraghanada Guryhowdanyň baýyrlyklarynyň arasynda açyk meýdanda gulanlaryň tutuş maşgalasynyň – bir erkek we üç urkaçy gulanyň ýaşaýandygyny, geçen ýyl bu maşgala täze agzalaryň goşulandygyny aýtdylar. Ekologlar haýwanlara gözegçilik edýärler we olary alada goýjak faktorlaryň bolmazlygyny üpjün edýärler. Gulanlaryň suw içmäge barýan iň ýakyn suw çeşmesi arassa saklanýar we gyşda olary iýmitlendirmäge çalyşýarlar.

Dünýäde

5. «Mars» şokolad önümleri üçin täze gaplamalary synagdan geçirip başlar. Plastik gaplara derek kagyz ulanmak meýilleşdirilýär. Öndürijiler şokoladlar üçin iki ýylyň dowamynda çyglylykdan we howadan goramaga ukyply kagyz gaplamalaryny taýýarladylar. «Mars» şokoladlary üstünlik gazansa, «Bounty», «Milky Way», «Snickers» we beýlekiler hem kagyz gaplamasy bilen örtüler.

6. «Kiçijik suw perisi» filminiň gaýtadan işlenen görnüşi 26-njy maýda kassa ýygymynda 38 million dollar we ABŞ-nyň deslapky görkezişlerinde 10 million dollardan gowrak girdeji gazandy we 2023-nji ýylyň iň köp girdejili filmleriniň biri bolmak mümkinçiligine eýedir. Eger-de «Kiçijik suw perisi» filminiň girdejisi maý aýynyň ahyryna çenli 120 million dollardan geçse, ol «Top Gan: Mawerik», «Karib deňziniň garakçylary: Dünýäniň ahyrynda» we «Indiana Jons we Hrustal kelleçanagy patyşalygy» filmleri bilen birlikde, iň köp girdeji gazanan filmleriň bäşligine girer. «Kiçijik suw perisi» filminiň halkara kinoteatrlarynda 80 million dollar töweregi toplap, jemi 200 million dollardan gowrak girdeji gazanmagyna garaşylýar.

Sport habarlary

7. Aşgabatda 5 – 9-njy iýun aralygynda 12 ýaşa çenli oglanlaryň we gyzlaryň arasynda geçiriljek tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşynyň ähli oýunlary Olimpiýa şäherçesindäki ýapyk meýdançalarda geçiriler. Bu barada Türkmenistan Tennis federasiýasynyň başlygy Eziz Döwletow KHBS-niň wekilleri üçin geçirilen brifingde habar berdi. Eýranly hünärmen Seftedjani Mohammadhassan Laçinani çempionatyň baş emini hökmünde tassyklandy. Ozal habar berlişi ýaly, ýaryşa Gazagystandan, Täjigistandan, Özbegistandan we Owganystandan ýaş tennisçiler gatnaşarlar. Ýatlatsak, 2019-njy ýylda Aşgabatda geçirilen şeýle ýaryşda türkmen tennisçileri 3 orun eýeläpdiler.

8. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň we Aşgabadyň «Altyn asyr» toparynyň ýarymgoragçysy Ahmet Ataýew AFK-niň tälimçilik okuwlarynyň «A» derejesiniň birinji modulynyň talyplarynyň sanawyna goşuldy. Bu okuw maksatnamasynyň başlanandygy hakynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň saýtynda habar berilýär. Okuwlarda AFK-nyň instruktory we Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Röwşan Muhadow sapak berýär. Tälim almaga 24 hünärmen girişdi, şolaryň hatarynda ozal Türkmenistan milli ýygyndysynda meşhurlyk gazanan oýunçylar hem bar. Tälimçilik okuwlarynyň ilkinji moduly 25-nji maýda başlandy we 5-nji iýuna çenli dowam eder. AFK-nyň okuw maksatnamasynyň ikinji bölümi şu ýylyň 14 – 25-nji iýuny aralygynda geçiriler.

9. Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasy 10 – 20-nji iýun aralygynda Daşkentde we Bişkekde geçiriljek CAFA Nations Cup-2023 ýaryşynyň duşuşyklarynyň başlanjak wagtyny tassyklady. Türkmenistanyň milli ýygyndysy «A» toparçada çykyş eder. Mergen Orazowyň toparynyň garşydaşy Özbegistanyň, Täjigistanyň we Omanyň milli ýygyndylary bolar. Bu dörtlügiň arasyndaky duşuşyklar Daşkentde geçiriler. Türkmenistanyň milli ýygyndysy Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň Milletler Kubogy çempionatyndaky ilkinji oýnuny 11-nji iýunda, ýekşenbe güni Täjigistanyň milli ýygyndysyna garşy geçirer. Bu duşuşyk «Pahtakor» stadionynda geçiriler we Aşgabat wagty bilen 18:30-da başlanar. 14-nji iýunda, çarşenbe güni geçiriljek ikinji tapgyrda türkmen futbolçylary «Bunýodkor» stadionynda Özbegistanyň milli ýygyndysy bilen duşuşarlar. Oýun 20:30-da başlanar. Toparçalaýyn tapgyryň jemleýji tapgyrynda, 17-nji iýunda, Türkmenistanyň milli ýygyndysy Omanyň milli ýygyndysy bilen duşuşar. Duşuşyk «Pahtakor» stadionynda geçiriler we 20:30-da başlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň