Aşgabada BSG-a goşulmak departamentiniň müdiri bilen duşuşyk geçirildi

21:1429.05.2023
0
28843
Aşgabada BSG-a goşulmak departamentiniň müdiri bilen duşuşyk geçirildi
Surat: mfa.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýew Aşgabada iş sapary bilen gelen BSG-a goşulmak departamentiniň müdiri Maika Oşikawa bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň BSG-ä goşulmagy bilen baglanyşykly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň BSG-niň Sekretariaty bilen bu ugurda kesgitli ugurlary göz öňünde tutýan hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça 2023-2024-nji ýyllar üçin Iş meýilnamasyny taýýarlandygy we tassyklandygy nygtaldy.

M.Oşikawa Türkmenistanyň BSG-ä goşulmagy bilen bagly taýýarlyk çärelerini tamamlamak boýunça köp sanly meseläni ýerine ýetirmek üçin türkmen tarapynyň meýilnamalary bilen tanyşdyryldy. Şeýlelikde, häzirki wagtda Türkmenistan, BSG-e girmegiň şertlerinden biri bolup durýan, daşary söwda ýagdaýy barada Ähtnamany taýýarlamak boýunça işjeň hereketleri alyp barýar. Şunuň bilen birlikde, Pudagara hökümet toparynyň BSG-a girmek bilen baglanyşykly meselelerini öwrenmek boýunça yzygiderli işi bellendi. Bu ugurda BMG we onuň ýöriteleşdirilen guramalary, Yslam Ösüş Banky we Aziýa Ösüş Banky ýaly halkara maliýe guramalary bilen işler ýola goýuldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Bütindünýä Söwda Guramasynyň arasyndaky özara gatnaşyk meýilnamalaryna laýyklykda alnyp barylýan işlerde öňegidişligiň boljakdygyna ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň