Hytaýdaky goraghanalaryň biri seýrek duşýan ak pandanyň suratlary bilen tanyşdyrdy. Hünärmenleriň baha bermegine görä, panda 5-6 ýaşlarynda bolmaly diýip, «Habar 24» ýazýar.
Pandany ýurduň Syçuan ülkesindäki Wolong tebigat goraghanasynda infragyzyl kamera bilen surata düşürdiler.
Pekiniň uniwersitetiniň alymlarynyň aýtmagyna görä, panda özüni tebigy gurşawda oňat duýýar. Goraghananyň işgärleri panda gözegçilik edýärler hem-de onuň DNK-synyň nusgalaryny almakçy bolýarlar.