Aşgabatda baýramçylyk konserti geçirildi

21:2028.05.2023
0
22831

Şu gün Aşgabat şäherindäki «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bilelikde guramaklarynda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi. Konsert halyçylyk pudagynyň halyçylary, köp sanly aşgabatlylar we paýtagtyň myhmanlary üçin ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy.

Türkmenistanyň ak mermerli paýtagty türkmen halylaryna bagyşlanan esasy dabaralaryň merkezine öwrüldi. Aşgabat özünde häzirki zamanyň ösen tejribeleri bilen milli binagärlik ýörelgelerini utgaşdyrýar. Onuň bezeg aýratynlyklarynda haly gölleriniň möhüm orun eýeleýändigini bellemek gerek.

2016-njy ýylyň sentýabr aýynda Aşgabadyň Halkara howa menziliniň binasy ýolagçy terminalynyň üçeginde haly gölüniň ýerleşdirilmegi bilen, «Iň uly haly göli» (705 inedördül metr» hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynda orun aldy.

Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli Aşgabadyň nurana agşamynda ýaňlanan ýakymly aýdymlar we sazlar, tans toparlarynyň çykyşlary halkyň milli gymmatlygy bolan türkmen halylarynyň hormatynyň belent tutulýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Şu gün, 28-nji maýda tutuş Türkmenistanda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli dürli duşuşyklar, sergiler, ylmy maslahatlar, döredijilik bäsleşikleri, konsertler we beýleki köpçülikleýin çäreler geçirildi. Şol çäreleriň hatarynda Türkmen halysynyň milli muzeýinde geçirilen haly we haly önümleriniň sergisi, «Türkmen halysy — türkmeniň kalby» atly Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIII mejlisi, şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly atlara mynasyp bolan halyçy gelin-gyzlara döwlet sylaglarynyň gowşurylmagy mynasybetli geçirilen dabaralar bar. Biz bular barada «Turkmenportal» web saýtymyzda habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň