Soňky habarlar

Arhiw

Hytaýda iň gadymy at eýeri tapyldy

12:2027.05.2023
0
35570
Hytaýda iň gadymy at eýeri tapyldy
Surat:techinsider.ru

Halkara arheologlar topary Hytaýda geçirilen gazuw-agtaryşlar wagtynda öň belli bolanlaryň arasynda iň gadymy bolup biljek at eýerini tapdy. Onuň ýaşy 2700 ýyl diýlip kesgitlendi diýip, «Archaeological Research in Asia» neşirine salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

Eýer ýurduň Ýanhaý diýen ýerinde tapyldy, onuň üstünden barlan guburda zenan ýerlenipdir.

Surat:techinsider.ru

Öňki ylmy-barlaglar adamlaryň atlary 6 müň ýyl mundan öň eldekileşdirip başlandyklaryny görkezdi. Irki tapgyrlarda atlary etini we süýdüni peýdalanmak üçin saklapdyrlar. Adamzat at münmegi müň ýyl soň öwrenipdir.

Hytaýda ele salnan tapyndy içine sugun we düýe ýüňi hem-de saman dykylan, öküz derisinden edilen ýassyga meňzeş. Ol atla uzak ýoly geçmäge mümkinçilik beripdir. Emma onuň üzeňňisi ýok diýlip, habarda aýdylýar.

Hytaý eýeri öň merkezi we günbatar Ýewraziýanyň sähralyklaryndan tapylan we biziň eýýamymyzdan öňki V-III asyrlar bilen senelenýän eýerlerden has irki bolup çykdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň