Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Merkezi Aziýa üçin suw strategiýasyny döretmegi teklip edýär

20:1926.05.2023
0
17869

Türkmenistan suw baýlyklaryny kadalaşdyrmak we tygşytly peýdalanmak meselesinde ýurtlaryň deňagramly çemeleşmeginiň tarapdary bolup çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat Merkezi Aziýanyň suw strategiýasyny işläp düzmegi teklip etdi diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde habar berildi.

«Türkmenistanyň başlangyçlary adamlaryň hakyky zerurlyklary, sebit ösüşiniň we özara gatnaşyklaryň maksatlary bilen baglanyşykly. Olaryň arasynda BMG-niň Aral deňziniň basseýni üçin ýörite maksatnamasyny işläp düzmek we Aral deňziniň meselelerini guramanyň işiniň aýratyn ugry hökmünde görkezmek baradaky teklip, şeýle hem Merkezi Aziýanyň suw strategiýasyny işläp düzmek we kabul etmek başlangyjy bar» diýlip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat beýanatynda aýdylýar.

Bellenilişi ýaly, suw baýlyklaryndan tygşytly peýdalanmak tutuş sebit üçin möhüm ähmiýete eýe. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bu meseläni diňe Merkezi Aziýa döwletleriniň bilelikdäki hereketleriniň çözüp biljekdigini, munuň Merkezi Aziýada durnukly ösüşiň we durnuklylygyň esasyny düzýändigini nygtaýar.

Şeýle hem Aşgabat Aral deňziniň basseýnindäki ýurtlara, sebitleriň döwletleriniň ýeke-täk eko-maksatnamasy hökmünde daşky gurşawy goramak boýunça sebit meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegine kömek etmek üçin täze hereket meýilnamasyny işläp düzmegi teklip etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň