Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly türgenler GDA-nyň II Oýunlarynda 9 görnüş boýunça ýaryşarlar

18:0926.05.2023
1
26001

Türkmenistanly türgenler GDA ýurtlarynyň II Oýunlaryna sportuň 9 görnüşi boýunça gatnaşarlar. Bu barada ORIENT habar berdi.

Has takygy, olar agyr atletika, sambo, karate, dzýudo, sport göreşi, boks, ýeňil atletika, ýüzmek we taý boksy boýunça ýaryşlara gatnaşyp, medallara dalaş ederler.

4 ― 14-nji awgust aralygynda Belarus Respublikasynda geçiriljek ýaryşlara alty müňden gowrak adamyň gatnaşmagyna garaşylýar. Olaryň 4 müňüsi türgenlerdir. Oýunlaryň maksatnamasyna sportuň 20 görnüşi girizildi.

Şeýle hem wekiliýetleriň düzüminde 900 tälimçi, 800 emin, 600 lukmançylyk işgäri we 200 wekil bolar.

Oýunlara gatnaşmak üçin şu güne çenli Türkmenistan, Azerbaýjan, Ermenistan, Gazagystan, Hytaý, Kuba, Gyrgyzystan, Liwan, Malaýziýa, Russiýa, Täjigistan, Özbegistan, Eýran, Müsür ýüztutma berdi. Şeýle hem Albaniýadan, Bahreýnden, Bolgariýadan, Braziliýadan we beýleki ýurtlardan bolan türgenleriň käbir görnüşlere gatnaşmaklaryna garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň