«Arkadagyň ylhamy sen, Aşgabat!» atly foto bäsleşigiň ýeňijileri belli boldy

12:4526.05.2023
0
41236

2023-nji ýylyň maý aýynyň 25-ne Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň arasynda 25-nji maý – Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli geçirilen «Arkadagyň ylhamy sen, Aşgabat!» atly foto bäsleşigiň jemi jemlenildi. Bu barada bu ýokary okuw mekdebiniň resmi saýtynda habar berildi.

«Arkadagyň ylhamy sen, Aşgabat!» atly bäsleşige türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň talyplaryndan 100-den gowrak fotosuratlar gatnaşdy. Eminleriň gelen netijelerine görä, 1-nji orna institutyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Berdigylyç Ýazmyradow, 2-nji orna şol fakultetiň 4-nji ýyl talyby Gurbanjemal Ödegurbanowa, 3-nji orna bolsa halkara hukugy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Kadyrmyrat Öwezgylyjow mynasyp boldular.

Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar we hormat hatlary gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň