Soňky habarlar

Arhiw

Russiýadan getirilen bugdaý tohumlaryndan ýokary hasyl ýetişdi

10:4526.05.2023
0
15764

Türkmenistanda çalşyp ekmek üçin indi birnäçe ýyldan bäri Russiýa Federasiýasyndan bugdaýyň täze-täze sortlary satyn alynýar. Olardan «Batko», «Wasso», «Ýuna» ýurduň toprak-howa şertlerine öwrenişmek bilen, indi on ýyldan gowrak wagt bäri oňat netije berýär. Tohumçylyk bilen meşgullanýan hojalyklarda her ýylda bu sortlaryň on müňlerçe tonnasy taýýarlanyp, tohumlyk üçin kabul edilýär.

Geçen ýyl ýene-de Russiýadan täze sortlar tohumlyk üçin satyn alyndy. «Alekseýewiç» we «Bezostyý — 100» atly sortlar Lebap welaýatynda jemi 27 müň gektardan gowrak ýere ekildi. Iň guwandyryjy ýeri-de, olary daýhanlar uly höwes bilen kabul etdiler. Şeýlelikde, Çärjew etrabynda 6277, Halaç etrabynda 6196, Dänew etrabynda hem 5223 gektara bu täze sortlar ekildi. «Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, bu sortlaryň eçilen hasyly bilen gyzyklanyp, ýakynda «Lebapgalla» önümçilik birleşiginiň hünärmenlerinden düzülen topar welaýatyň tohumçylyk bilen meşgullanýan hojalyklarynda bolup, seljerme işlerini geçirdiler. Netijede, tohumlyk üçin ekilen bugdaýyň her gektarynyň 40 — 50 sentner hasyl berjekdigi anyklanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň