Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Iordaniýanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

21:5225.05.2023
0
18418

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasy Abdulla II bin Al Husseýne Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Abdulla II bin Al Husseýne tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň