Soňky habarlar

Arhiw

Gümrük statistikasynyň maglumatlaryny deňeşdirmek boýunça türkmen-özbek duşuşygy geçirildi

12:3825.05.2023
0
17759
Gümrük statistikasynyň maglumatlaryny deňeşdirmek boýunça türkmen-özbek duşuşygy geçirildi
Surat: newscentralasia.net

Türkmenistanly we özbegistanly gümrükçiler iki ýurduň arasyndaky özara söwda degişli gümrük statistikasynyň maglumatlaryny deňeşdirdiler. Şu maksat bilen 2023-nji ýylyň 16 — 20-nji maýy aralygynda Özbegistanyň Buhara şäherinde Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň gümrük işgärleriniň iş duşuşygy bolup geçdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy habar berýär.

Bellenilişi ýaly, iş duşuşygy 2022-nji ýylyň 14-nji iýulynda gol çekilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň arasynda özara söwdada gümrük serhedinden geçirilýän harytlar barada maglumatlary alyşmak hakyndaky Teswirnamanyň çäginde guraldy.

Hünärmenler 2022-nji ýylyň netijesi boýunça özara söwdanyň gümrük statistikasynyň maglumatlaryny deňeşdirdiler, aratapawudyň sebäplerini kesgitlediler we gümrük statistikasy ugry boýunça hyzmatdaşlygy has-da kämilleşdirmek ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň arasyndaky özara söwdada gümrük statistikasynyň maglumatlarynyň arasyndaky aratapawudyň sebäpleri ýüze çykaryldy.

Bellenilişi ýaly, iki ýurtda ulanylýan maglumat döretmegiň usuly BMG-niň Statistika bölüminiň «Harytlarda halkara söwdasynyň statistikasy: düşünjeler we kesgitlemeler» halkara standartyna laýyk gelýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň