Ýaponiýada geçen auksionda «ýubari» saýlama sortly iki gawun satyldy. Söwdalaşyk Hokkaýdoda geçdi we müşderi iki gawun üçin 3,5 million iýen, ýagny 25,9 müň amerikan dollaryny töledi diýip, «MIR 24» ýazýar.
Satuwa 260 sany gawun çykaryldy, olaryň iki sanysy has gymmat nyrhdan satyn alyndy.
«Ýubari» sortly gawun mylaýym-narynç reňkli etiniň süýji tagamy üçin saýlama hasaplanýar. Onuň şar görnüşi bar, açyk-ýaşyl reňkdäki daşy ak torly sapajyklar bilen örtülendir. Ol «Dogup gelýän Günüň ýurdunda» ajaýyp sowgat hasaplanýar.